Hytaýda kuwwaty 18 MWt bolan 260 metrlik ýel turbinasy peýda boldy

  • 19.06.2024 11:30
  • 10k+

Hytaý 18 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň güýçli deňiz ýel turbinasyny gurmagy tamamlady. Dongfang Electric Corporation kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen täze gurnama ýylda 72 GWt arassa energiýa öndürmäge ukyply, bu Hytaýyň gündogar kenarýakasynda energiýa deňagramlylygyny üpjün etmäge kömek eder diýip, Electrec ýazýar.

Täze turbina diametri 260 metr bolan rotor bilen enjamlaşdyrylan, bu ýedi sany adaty futbol meýdançasynyň meýdanyna deňdir. Rotoryň meýdany näçe uly bolsa, gurnama özüni çalt ödeýär we şonça-da köp energiýa öndürýär.
Geljekde Hytaý Eýfel diňindenem beýik boljak, diametri 310 metr bolan rotorly, 22 MWt kuwwatly ýel turbinasyny döretmegi meýilleşdirýär.
Meýilnamanyň uludygyna garamazdan, Günbataryň bilermenleri ykdysady taýdan amatsyzdygyny, üpjünçilik zynjyrynyň beýlebir ösen däldigini  we zerur kran enjamlarynyň ýoklugyny görkezip, aşa güýçli ýel turbinalaryny gurmakda Hytaýyň öňdebaryjylygyna eýermäge howlukmazlygy maslahat berýärler.
Hytaý, tersine, ýel energiýasyna 2060-njy ýyldan soň uglerodsyz energiýa meýilnamasynyň esasy hökmünde garaýar. Ýurt eýýäm bir günde 16 MWt ýel turbinasyny gurmak tehnologiýasyny ösdürdi, bu gurnama işini ep-esli çaltlaşdyryp biler.


28.04.2026 15:24
9.7k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
1.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

18.04.2026 00:06
14k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......