Ýewro-2024-üň üçünji oýun gününiň netijeleri

  • 17.06.2024 16:36
  • 8.8k+

Ýekşenbe güni, 16-njy iýunda Germaniýada dowam edýän Ýewropa çempionatynda C we D toparlaryň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

D toparyň duşuşygy Gamburgda geçdi. Niderlandlar 2:1 hasap bilen Polşadan üstün çykdylar. Polşanyň futbolçylary 16-njy minutda Adam Buskiniň goly bilen hasaby açdylar. 29-njy minutda Kodi Gakpo hasaby deňledi. Ýeňiş goluny bolsa 83-nji minutda Waut Weghorst geçirdi. Bu toparyň beýleki jübüdi bolan Awstriýa bilen Fransiýa şu gün duşuşarlar.


Ştutgartda С topardan Daniýa bilen Sloweniýanyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasap bilen deňme-deňlikde tamamlandy. Kristian Erikson 17-nji minutda toparyny öňe çykardy, 77-nji minutda Erik Ýanja hasaby deňledi.


С topardan Angliýa 1:0 hasap bilen Serbiýany ýeňdi. Ýeke-täk goly 13-nji minutda Jud Bellingem geçirdi. 

Awstriýa-Fransiýa duşuşygyndan (başlanýan wagty - 00:00) başga-da, şu gün tomaşaçylar E topardan Rumyniýa - Ukraina (18:00) we Belgiýa -Slowakiýa (21:00) duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......