Ýewro-2024: Ispaniýa, Şweýsariýa we Italiýa ynamly ýeňiş gazandylar

  • 16.06.2024 12:26
  • 13k+

15-nji iýunda Germaniýada badalga alan futbol boýunça Ýewropa çempionatynda üç oýun oýnaldy. A we B toparlardan ýygyndylar duşuşdylar.

Ilki bilen Kýoln şäherinde A topardan Şweýsariýa bilen Wengriýa duşuşdy. Duşuşykda şweýsariýalylar 3:1 hasap bilen ýeňiş gazandylar. Ýeňiş gazananlaryň düzüminde Kwadwo Dua, Mişel Ebişer we Brel Embolo tapawutlandy. Wengriýadan ýeke-täk goly Barnabaş Warga geçirdi.

Şweýsariýa indiki duşuşygyny Şotlandiýa bilen, Wengriýa Germaniýa bilen geçirer. Duşuşyklar 19-njy iýunda bolar. Birinji oýundan soň Germaniýa we Şweýsariýa üç utuk toplap, A toparda birinji orny eýeleýärler, Wengriýada we Şotlandiýada 0 utuk bar.
Düýn şeýle hem Ispaniýa-Horwatiýa duşuşygy boldy. Duşuşyk ispanlaryň 3:0 ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary Alwaro Morata, Fabian Ruis we Dani Karwahal geçirdi.


Günüň ahyrynda Dortmundda Italiýa - Albaniýa duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň 22-nji sekundynda albaniýaly futbolçy Nedim Baýrami Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda iň çalt goly geçirdi. Emma Italiýa Alessandro Bastoniniň we Nikolo Barellanyň tagallalary bilen ýeňiş gazanmagy başardy.
Ikinji tapgyrda 19-njy iýunda Albaniýa Horwatiýa bilen, 20-nji iýunda bolsa Ispaniýa Italiýa bilen duşuşar. Birinji tapgyrdan soň, Ispaniýa we Italiýa üç utuk bilen B toparyň başyny çekýärler. Albaniýa bilen Horwatiýada 0 utuk bar.
Şu gün Polşa Niderlandlar bilen (D topar), Sloweniýa Daniýa bilen, Serbiýa bolsa Angliýa (ikisi hem C topar) bilen duşuşar.


düýn 22:49
4.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......