Microsoft kiberhowpsuzlygyna goşant goşjak işgärlerini sylaglamagy wada etdi

  • 16.06.2024 11:50
  • 3.5k+

Microsoft kompaniýanyň kiberhowpsuzlygyny güýçlendirmäge işjeň gatnaşýan işgärlerini höweslendirmek üçin täze maksatnama taýýarlady. Oňa laýyklykda, işgäriň her biriniň goşandyna görä baha berler we iň işjeňler sylag alarlar diýip, CNBC-e salgylanýan NUR.KZ  habar berýär.

Microsoft-yň wise-prezidenti Bred Smitiň ABŞ-nyň Wekiller palatasynda programma üpjünçiligini öndürmekde howpsuzlygy üpjün etmegiň ýollary baradaky diňlenişiginde şeýle beýanaty edenligi bellendi. Smit üýtgeşmeleriň Microsoft-yň müşderi maglumatlaryny goramak strategiýasynyň bir bölegidigini aýtdy.
Bu başlangyç ABŞ-nyň hökümet işgärleriniň elektron poçtasynyň, çak bilen, hytaýly hakerler tarapyndan döwülmegi bilen bagly waka jogap boldy. Bu işiň jikme-jiklikleri Microsoft tarapyndan 2023-nji ýylda aýan edildi, şondan soň kompaniýa kiberhowpsuzlyk amallaryny gözden geçirmäge borçlandy.
Smit 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlaýan 2025-nji maliýe ýylynda kiberhowpsuzlyk Microsoft üçin esasy ileri tutulýan ugur boljakdygyny aýtdy.


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
822

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

19.02.2026 12:42
1.9k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...