Messi Pariždäki Olimpiada gatnaşmaz. “Inter Maýami” onuň soňky kluby bolar...

  • 14.06.2024 14:21
  • 11k+

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

ESPN AR bilen söhbetdeşlikde Messi öz gelen netijesini düşündirdi: “Men Maskerano (Argentinanyň U23 milli ýygyndysynyň tälimçisi) bilen gürleşdim we ikimizem ýagdaýa düşündik. Bu kyn, sebäbi Amerikanyň Kubogy başlaýar we men “Inter Maýamiden” yzygider iki ýa-da üç aý çetleşmeli bolaryn. Iň esasy zat, meniň ýaşymda oýun üçin pursaty dogry saýlamak gerek, yzygider iki ýaryş – bu kyn”.
Şeýle-de, argentinaly oýunçy “Inter Maýaminiň” karýerasynda iň soňky klub boljakdygyny tassyklady.

“Häzirki günde men muny doly ynam bilen aýdyp bilerin. Men futbol oýnamagy gowy görýärin we her oýun bilen bu duýgy hasam güýçlenýär. Sebäbi men wagtyň köp galmandygyna düşünýärin” – diýip, Messi aýtdy.

Messi karýerasyny tamamlandan soň tälimçilik işi bilen meşgullanjakdygy ýa-da ýokdugy baradaky soraga bolsa otrisatel jogap berdi.

“Men tälimçi bolmak islemeýändigimi hemişe aýdýardym. Men muny halamok” – diýip, Leo aýtdy.

Ýatlap geçsek, Messi “Inter Maýami” toparyna 2023-nji ýylyň iýul aýynda geçdi we 2025-nji ýylyň dekabr aýyna çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Häzirki möwsümde Messi 15 oýna gatnaşyp, 14 gol geçirdi we 11 netijeli geçirim etdi.
Tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgust aralygynda Parižde geçiriler.


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....