Kia oturgyçlarda ýangyn döremek töwekgelçiliginiň bardygy sebäpli 463 müň töweregi Telluride-ni yzyna çagyrýar

  • 11.06.2024 15:07
  • 6.9k+

Kia kompaniýasy 2020-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda ABŞ-da öndürilen 462 869 sany Telluride krossoweriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyrylmagynyň sebäbi elektrik sazlaýjyly öňdäki oturgyçlarda ýangyn döremeginiň mümkindigi bilen bagly.

Milli ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş gullugynyň (NHTSA) maglumatlaryna görä, kemçilik oturgyjyň mehanizminiň bölekleriniň nädogry süýşmegine sebäp bolup, elektrik hereketlendirijisine hemişelik naprýaženiýany berip biler. Bu bolsa öz gezeginde onuň güýçli gyzyp, netijede ýangynyň döremegine sebäp bolýar.
Kia ýangynyň ulag sürlüp barýarka-da, awtoulag duralgasynda duran wagty hem bolup biljekdigini nygtaýar. Kompaniýa Telluride-niň eýelerine abatlaýyş işleri geçirilýänçä ulaglaryny ýapyk jaýlarda goýmazlygy maslahat berdi.
Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň Kia Telluride-sinde sürüjiniň oturgyjynda ýangynyň döremegi bilen bagly diňe bir ýagdaý bar. Mundan başga-da, aşa gyzmak sebäpli oturgyçlaryň aşagynda bölekleriň eremeginiň alty sany ýagdaýy tassyklanyldy.
Mundan öň, Toyota kompaniýasy hereketlendirijilerde bar bolan mehaniki galyndylar sebäpli ABŞ-da benzinli V6 bilen Tundra kysymly awtoulaglary we Lexus LX kysymly awtoulaglary yzyna çagyrýandygyny habar beripdik. Eýelerine eýýäm öwezini dolmak wada berildi, ýöne öndüriji meseläni nädip çözmelidigini entek kesgitlemedi.


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....