Toyota hereketlendirijisindäki hapa zerarly 100 müň sany Tundra we Lexus LX ulaglaryny yzyna çagyrýar

  • 05.06.2024 15:26
  • 18k+

Toyota kompaniýasy hereketlendirijide ýüze çykyp biljek näsazlyk sebäpli 100 müňden gowrak Tundra kysymly pikapy we Lexus LX kysymly wnedorožnigi yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Yza çagyryş täze goşa turbaly V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan 2022-2023 modellerine degişlidir diýip, IXBT habar berýär.

Mesele motoryň içinde mehaniki galyndylar bar bolup, olaryň partlama, nädogry işlemeklige, ulagyň otlanmazlygyna we kuwwatynyň ýitmegine sebäp bolup biljekliginden ybaratdyr. Galyndylar tirsekli okuň podşipnigine zeper ýetirip, heläkçiligiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.
Toyota kompaniýasynda aýdyşlaryna görä, mehaniki galyndylar motora önümçilik wagtynda giren bolmagy mümkin we goşa turbaly V6 hereketlendirijisiniň içerki ýokary basyşy meseläni hasam çuňlaşdyrýar. Umuman alanyňda, yza çagyryş 102 000 sany ulaga degişli bolup, olar esasan 2022-2023-nji ýyllarda öndürilen we V35A-FTS hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Tundra pikaplary we Lexus LX600 wnedorožnikleridir.


şu gün 09:36
240

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 01:38
5.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......