“300”: Ilon Mask köp gezeklik SpaceX Falcon 9 raketasynyň rekord gonuşyny belledi

  • 11.06.2024 12:21
  • 5k+

SpaceX kompaniýa üçin ähmiýetli bolan Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagynyň nobatdaky gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy.

“Falcon 9 300-nji gezek gonýar” – diýip, SpaceX habar berdi.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Ilon Mask öz teswirinde diňe “300” ýazgyny galdyrdy.
Üstünlik Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmos güýçleri stansiýasyndan 22 sany Starlink hemrasy uçurylandan soň, anna güni agşam (7-nji iýun) hasaba alyndy.
Uçuryşdan 8,5 minut soň, Falcon 9-yň birinji basgançagy Atlantik ummanynda ýerleşýän SpaceX A Shortfall of Gravitas gämisinde dikligine gondy.
Uçuryş bu raketa göterijisi üçin 16-njy boldy, olardan 12-si Starlink missiýalaryna bagyşlandy. Şol bir wagtyň özünde, Falcon 9-yň ýokarky basgançagy uçuşyny dowam etdirip, uçuryşdan 52,5 minut soň 22 Starlink hemrasyny Ýere golaý pes orbita ýerleşdirdi.
Uçuryş şu ýyl SpaceX-iň 59-njy orbital missiýasy boldy. Olardan 42-isi häzirki wagtda 6000-den gowrak işleýän hemrany öz içine alýan Starlink mega-toparyny döretmäge bagyşlanandyr. 


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....