Täsin hyzmat: Hytaýly zenan 12 ýyl bäri nätanyşlara gijäniň rahat bolmagyny arzuw edýär

  • 11.06.2024 07:02
  • 9.8k+

Hytaýly Çžumeý eýýäm 12 ýyl bäri adaty bolmadyk hyzmaty hödürleýär: arzuwlar, höweslendiriji sözler we goşgular bilen nätanyş adamlara gije SMS ýazýar. Şeýle SMS-iň bahasy bary-ýogy 1 ýuan. 12 ýylyň dowamynda Çžumeý 50 müňden gowrak SMS iberdi we takmynan 10 müň adam bu hyzmatdan peýdalandy. Adaty bolmadyk hyzmat barada “Вокруг света” žurnalynda aýdylýar.

Nätanyş adamyň SMS-leri kime gerek?
Çžumeýiň aýdyp bermegine görä, adamlar onuň ýanyna dürli hekaýalar bilen gelýärler. Käbir adamlar dawa ýa-da uzak aýralykdan soň ýakynlaryna SMS ibermek isleýärler, käbirleri bolsa kyn döwri başdan geçirýän ýakynlaryna goldaw bermek isleýärler. Bir gün Çžumeýiň ýanyna bir ýetginjek gyzyň kyn döwri başdan geçiren ejesi geldi. Ol Çžumeýden gyzynyň “ýalňyz ýüregine teselli berjek we ir ýatmagyny ýatlatjak” SMS ibermegini haýyş etdi.
Şeýle hem, 30 ýaşly telekeçiniň kyn döwürde goldaw almak üçin özüne SMS sargyt etmegi bilen baglanyşykly bir waka bolupdyr.
Çžumeý häzirki zaman dünýäsinde köp adamlaryň özlerini ýalňyz duýýandyklaryny we başga bir adamdan geljek ýönekeýje “gijäň rahat bolsun” jümlesine mätäçdigini belläp geçýär.
Nätanyş adamyň durmuşyna penjire
Çžumeýiň özi bu işiň “nätanyş adamyň durmuşyna penjire” bolandygyny aýdýar. Maşgalanyň dokuzynjy gyzy bolany üçin, özi-de bir wagtlar şeýle goldawa mätäç bolandygyny boýun alýar. Ol bütin wagtyny körpe we ýekeje ogluna bagyş eden ene-atasynyň söýgüsini we ünsüni küýseýärdi.
Çzumeýiň hyzmaty oňa hiç wagt kän girdeji getirmedi - ýylda 3000 ýuandan (410 dollar töweregi) köp däl, ýöne onuň bu işi ýapmak niýeti ýok. Ol müşderilerinden köp minnetdarlyk alýandygyny aýdýar.
Müşderileri ýitirmek üstünligiň görkezijisidir
Çžumeý hemişelik müşderileriniň sargytlary bes edilende biçak begenýär. Diýmek, olar indi özlerini ýalňyz duýmaýarlar.


düýn 21:19
1.5k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
2.7k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.1k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......