Ford Kýölnde “geljegiň zawodyny” işe girizdi. Onda Explorer elektrik ulagynyň önümçiligi ýola goýlar

  • 10.06.2024 14:07
  • 5.9k+

Ford Ýewropadaky elektrik ulaglaryny öndürmeklige  ýöriteleşen ilkinji zawodynda täze, doly elektrikleşdirilen Ford Explorer-i ýygnap başlady. Kýölndäki 2 milliard dollarlyk maýa goýum maksatnamasynyň çäginde döwrebaplaşdyrylan kärhanany kompaniýa “geljegiň zawody” diýip atlandyrýar diýip, IXBT ýazýar.  

Explorer Ford-yň Kýölndäki elektrik ulaglar merkezinde gurnama liniýasyny açan ilkinji model boldy. Ýakyn geljekde oňa ikinji elektrikli ulag - täze sport krossoweri goşular, onuň hem önümçiligi Kýölnde ýola goýlar.

“Ford tarapyndan 1930-njy ýylda esaslandyrylan Kýöln zawody elektrik ulaglaryny öndürýän iň döwrebap kärhana öwrülýär we bu tolgundyryjydyr – diýip, Ford-uň Ýewropadaky önümçiligi boýunça wise-prezidenti Kiran Kehill mälim etdi. -  Elektrik ulaglarynyň, şol sanda täze, doly elektrikleşdirilen Explorer-iň köpçülikleýin öndürilip başlanmagy, Ýewropada Ford-uň täze eýýamynyň başlanandygyny aňladýar."

Kýölniň elektrik ulaglary merkezi emeli aň we robot ýaly, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. 600-den gowrak robot kebşirlemek, kesmek, tozan aýyrmak, reňklemek we gurnamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär, şeýle-de takyklygy, netijeliligi we önümiň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.
Täze dolandyryş merkezi her iş ýerindäki bölekleriň we nurbatlaryň sanyndan başlap,  tutuş gurnama prosesine çenli ähli işe hakyky wagtda gözegçilik edýär.
Zawodyň “sanly ekiztaýy” ägirt uly duýgur ekranda görnüp durýar, onda gurallaryň işleýşi, materiallaryň gowşurylyşy, zähmet howpsuzlygy we ş.m. hakdaky maglumatlar hem berilýär.
Ford-Werke GmbH-iň önümçiligi boýuça müdiri Rene Wolf: " Ford önümçiligiň her bir basgançagyna ünsli gözegçilik etmek bilen, öz müşderilerine iň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän elektrik ulaglarynyň täze neslini hödürläp biler" – diýip nygtady.


şu gün 10:02
2.2k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....