“The Restaurant” žurnaly şu ýylyň iň gowy restoranyny saýlady

  • 09.06.2024 15:14
  • 10k+

Britaniýanyň “The Restaurant” žurnaly “Dünýäniň iň gowy 50 restorany” reýtingini hödürledi. Ýyllyk reýtingde birinji orny Barselonanyň Disfrutar restorany eýeledi.

Restoranyň hasabynda üç Michelin ýyldyzy bar. Restorana şef-aşpezler Oriol Kastro, Eduard Şatrýuş we Mateo Kazanýas eýeçilik edýär. Binada iki menýu bolup, olaryň her birinde 30 tagam hödürlenýär.
Ikinji orny Ispaniýanyň Asador Extebarri restorany eýeledi. Bu restoran 2009-njy ýyldan bäri reýtinge diňe bir gezek girmedi. Liderleriň üçlügini şef-aşpez Brýuno Weržýusyň Table fransuz restorany jemledi. Restoran geçen ýyl sanawa ilkinji gezek goşulyp, derrew onluga girdi.
Şeýle-de, ilkinji onlukda Madridiň Diverxo, Perunyň Maido, Meksikanyň Quintonil we Argentinanyň Don Julio restoranlary hem-de Nýu-Ýorkdan Atomix, Kopengagenden Alchemist we Bangkokdan Gaggan restoranlary bar.
Dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawy “The Restaurant” žurnaly tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri düzülýär. Reýting dürli ýurtlardan 1 müňden gowrak aşpezleriň, restoran eýeleriniň we tankytçylaryň pikirlerine esaslanýar.


düýn 23:58
1.8k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.6k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......