Bill Geýts Microsoft-dan öňki durmuşy barada kitap çykarar

  • 08.06.2024 07:06
  • 6.8k+

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts “Başlangyç kod” ady bilen kitap-memuarlary çykarjakdygyny habar berdi. Ol 2025-nji ýylyň fewral aýynda dükan tekjelerinde peýda bolar diýip, telekeçi özüniň Gates Notes blogunda aýtdy. 

“Bu meniň çagalygymdan başlap, kolleji taşlamak hem-de Pol Allen bilen bilelikde Microsoft-y döretmek kararym bilen gutarýan irki ýyllarym barada memuarlardyr” – diýip, milliarder belledi.

Geýts çagalykda özüni iş başarmaýan adam ýaly duýandygyny, ýaşlygynda ene-atasy bilen dawalaşandygyny aýtdy. Kitapda onuň ýakyn adamyny duýdansyz ýitirişi, onuň tas Garward kollejinden çykarylan döwri we onuň “heniz ýok pudaga bil baglamak” kararyna gelen pursaty beýan ediler.
Memuarlarda Geýts özüne ynanan we ösmäge kömek eden daş-töweregindäki adamlaryň täsiriniň ähmiýetini belleýär. Şeýle-de, ol tehnologiýa öwrülişikleri we optimizm döwründe asuda maşgalada dünýä inmeginiň nähili şowuna düşendigi baradaky pikirleri bilen paýlaşýar.
Geljekde Geýts ýene iki kitap çykarmagy meýilleşdirýär: Microsoft-daky iş tejribesi we özüniň haýyr-sahawat işleri barada.
6-njy iýuna çenli ýagdaýa görä, “Forbes” Bill Geýtsiň baýlygyny 130,9 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Ol dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji onlugyna girýär.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
907

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...