Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

  • 07.06.2024 15:03
  • 2.9k+

6-njy iýunda Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Ýurtlaryň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny baýlaşdyrmagyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady, medeni, ynsanperwer we syýasy ugurlardaky hyzmatdaşlyga seredildi. Hususan-da, Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň infrastruktura we senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana ýakyn wagtda amala aşyrjak sapary agzaldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýetini belläp, bu resminamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen düzgünlerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara kabul ederlikli wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......