Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminalary kabul etmek dowam edýär

  • 05.06.2024 19:30
  • 17k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 29-njy maýyndan 7-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy bilen şu salga birikmek arkaly tanşyp bilersiňiz.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2024-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçirilýär.
Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçirilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Telefon belgileri: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29;
e-mail: tdu@tdu.edu.tm


düýn 20:41
1.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......