Superkompýuter “Ýewro-2024-de” ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi ýokary topary aýtdy

  • 05.06.2024 14:48
  • 12k+

Opta superkompýuteri Angliýany “Ýewro-2024” ýaryşynda ýeňiş gazanmaga has ýakyn topar diýip hasaplady. Angliýanyň milli ýygyndysy 19,9% ähtimallyk bilen ýaryşda ýeňiji bolar. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Ikinji orunda Fransiýa gelýär (19,1%), üçlügi Germaniýa jemleýär (12,4). Titul üçin mümkinçiligi has pes bolan topar Gruziýanyň milli ýygyndysy hasaplanýar (0,1%). Italiýanyň milli ýygyndysynyň Ýewropanyň çempion titulyny goramak mümkinçiligi 5%-e deň.
Angliýanyň milli ýygyndysy Daniýa, Serbiýa, Sloweniýa bilen bir toparda oýnar.
Angliýalylar heniz Ýewro ýaryşynda ýeňiş gazanmadylar. 2021-nji ýylda Angliýa ýaryşyň finalyna çykyp, Italiýadan penalti tapgyrynda utuldy. Iň köp tituly bolan toparlar Ispaniýanyň we Germaniýanyň milli ýygyndylarydyr, olaryň her biriniň hasabynda Ýewro ýaryşynda üç ýeňiş bar.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......