Türkiýe gadymy şäher-muzeýlerini gijeki ekskursiýalar üçin açýar

  • 06.06.2024 14:09
  • 4.6k+

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi syýahatçylyk akymyny artdyrmak maksady bilen gadymy şäher-muzeýleri we meşhur ýerleri gijeki ekskursiýalar üçin açýan ýörite programmany işläp taýýarlady. Bu ýerlere gündiziň yssy howasy sebäpli syýahatçylyk obýektleri bilen tanyşmakdan ýüz öwürmäge mejbur bolýan myhmanlaryň gelip görmegine garaşylýar diýip, bigasia.ru saýty habar berýär.

“Gijeki muzeýler” programmasynyň synag obýekti Egeý kenaryndaky gadymy Efes şäheri boldy – ol 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinden bäri ýarygijä çenli baryp görmek üçin açykdyr. Efes muzeýiniň müdiri Jengiz Topalyň pikiriçe, programmanyň üsti bilen muzeýe gelim-gidim dörtden bir ýokarlanyp biler. 2024-nji ýylda bu ýerde, takmynan, 2,6 mln adamyň bolmagyna garaşylýar, geçen ýyl Efese 2,16 mln syýahatçy bardy.
Şeýle-de, syýahatçylar üçin gijeki wagtda Pamukkale we mukaddes Ierapolis şäheri elýeterlidir. Bu ýerlere hem syýahatçylar tarapyndan gyzyklanma barha artýar: 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Pamukkale tas 482 müň myhmany kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55% köpdür. Ýylyň ahyryna çenli syýahatçylaryň sanynyň 3 milliona ýetmegine garaşylýar.
Turan welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdiri Weli Akýol gijeki ekskursiýalaryň syýahatçylara bu ýerlerdäki tebigy we arheologiki gözelliklerden has ýakymly howada lezzet almaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Tiz wagtdan bu tejribäniň ýurduň beýleki meşhur ýerlerine-de ýaýradylmagyna garaşylýar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......