Zimbabwede dinozawryň täze görnüşi tapyldy

  • 05.06.2024 13:54
  • 11k+

Alymlaryň halkara topary Orta Zambezi derýasynyň basseýninden dinozawryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdi. Acta Palaeontologica Polonica žurnalynda bu sebitde soňky 50 ýylda tapylan ilkinji dinozawrdyr diýip bellenýär.

Tapyndyny Günorta Afrikanyň Witwatersrand uniwersitetiniň, ABŞ-nyň Stouni-Bruk uniwersitetiniň we Beýik Britaniýanyň Tebigatyň taryhy muzeýiniň hünärmenleri ýazyp beýan etdiler.
Musankwa sanyatiensis diýlip atlandyrylan täze görnüş Giçki Trias döwrüne degişli bolup, takmynan 210 million ýyl ozal ýaşap geçipdir. Alymlar onuň uzyn boýunly, agramy 390 kg töweregi, ot iýýän dinozawr bolandygyny belleýärler.
Dinozawryň art aýagynyň bir böleginden ybarat galyndy Kariba kölüniň boýundan tapyldy. Musankwa sanyatiensis ady daşa öwrülen tapyndylary gözleýji ekspedisiýalarda ulanylan “Musankwa” öý-gäminiň hormatyna dakylan atdyr. Tonga diliniň şiweleriniň birinden terjime edilende bu “jahyl çykan oglan” diýmegi aňladýar.

Gözleg toparynyň ýolbaşçysy, professor Pol Barrett bu möhüm tapyndy we Afrikanyň täze paleontologiki açyşlar üçin ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär diýip nygtaýar.
Ol: "Soňky alty ýylda Zimbabwede sebitiň baý taryhy geçmişiniň bardygyny görkezýän daşa öwrülen galyndyly täze ýerleriň köp sanlysy tapyldy" diýip gürrüň berýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....