“Realyň” taryhynda iň köp tituly bolan futbolçylar belli boldy

  • 04.06.2024 15:25
  • 20k+

Madridiň “Realynyň” kapitany Naço Fernandes we ýarym goragçy Luka Modriç futbol klubunyň Çempionlar ligasyndaky ýeňşinden soň onuň taryhynda iň köp titully oýunçylar boldular. Olaryň her biriniň hasabynda toparyň düzüminde 26 baýrak bar diýip, esquire.kz belleýär.

Şeýlelik bilen, olar “patyşalyk klubunyň” öňki oýunçylary Karim Benzema bilen Marselonyň rekordyny täzelediler – olaryň her birinde 25 titul bar.
38 ýaşly Luka Modriç “Realda” 2012-nji ýyldan bäri oýnaýar. Häzirki möwsümde oýunçy ähli ýaryşlarda 46 oýna gatnaşyp, iki gol we sekiz netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Ol 2018-nji ýylda “Altyn top” aldy.
34 ýaşly Naço Fernandes “Realyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, esasy topar üçin 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 363 oýna gatnaşdy we 16 gol, 10 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Futbolçylaryň ikisiniň-de häzirki şertnamalary möwsümiň ahyryna çenli hereket edýär.
Ýatlap geçsek, 1-nji iýunda “Real” Çempionlar ligasynyň finalynda Dortmundyň “Borussiýasyny” 2:0 hasabynda utup, ÇL-de 15-nji kubogyny gazandy. Indi UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýunda “Real” Ýewropa ligasynda ýeňiji bolan Italiýanyň “Atalantasy” bilen bäsleşer.


düýn 17:01
5.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 10:36
4.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......