Çehiýada bir zenan tötänden XII asyra degişli 2150-den gowrak teňňeden ybarat  hazynanyň üstünden bardy

  • 04.06.2024 11:45
  • 15k+

Çehiýanyň ýaşaýjysy gezelenç edip ýörkä üýtgeşik bir tapynda gabat geldi: ol orta asyra degişli 2150 kümüş teňňeden ybarat hazynanyň üstünden bardy. Hazyna Pragadan takmynan 50 km uzaklykda ýerleşýän Kutna-Gora şäheriniň golaýyndan tapyldy diýip, Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanýan N+1 habar berýär.

Bu ýere gelen arheologlar teňňeleriň XII asyryň başynda syýasy durnuksyzlyk döwründe gizlenendigini anykladylar. Ähtimal, onuň eýesi tygşytlan pullaryny gizlemäge mejbur bolan barjamly adam bolan bolsa gerek.
Şaýy pullar Çehiýanyň üç knýazynyň: Wratislaw II-niň we onuň ogullary Břetislaw II kiçi-niň we Boržiwoýe II-niň höküm süren döwürlerinde Praga zikgehanasynda çykarylan bolmaly. Hazynany ilkibaşdan diňe düýbi saklanyp galan keramiki gapda gizläpdirler.


27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

26.05.2026 09:49
2.2k+

Praganyň howa menzili «Routes Europe 2026» baýraklarynyň absolýut ýeňijisi boldy

Çehiýanyň paýtagty Praganyň howa menzili halkara gatnaw ýollarynyň sanyny çalt depginde artdyrmagy we ýolagçy akymyny giňeltmegi başaryp, «Routes Europe 2026» bäsleşiginiň iň uly we baş baýragyna mynasyp boldy....

25.04.2026 16:02
6.4k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

25.09.2025 19:07
6.4k+

Çehiýada ýerde 30 müň ýyl ýatan awçy gurallarynyň toplumy tapyldy

Günorta Morawiýada, Pawlow daglarynyň eteginde arheologlar üýtgeşik artefakty – grawett döwrüniň awçysynyň daş gurallarynyň toplumyny gazyp aldy. Tapyndy ýerde, takmynan, 30 müň ýyl ýatan diýip, Anthropology neşiri ýazýar...