Mbappe resmi taýdan “Realyň” oýunçysy boldy. Şertnama 2029-njy ýyla çenli

  • 04.06.2024 11:14
  • 16k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çempion Kilian Mbappe Madridiň “Realy” bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

25 ýaşly hüjümçi täze topara “PSŽ-ni” terk edeninden soň erkin agent hökmünde goşular.
Mbappe topara geçmegi bilen bagly begenjini eýýäm paýlaşdy: “Men arzuwymdaky klubuma goşulýandygyma begenýärin we buýsanýaryn! Häzir meniň nähili bagtlydygymy hiç kim bilmez. Siz, madridliler bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we uly goldawyňyz üçin minnetdar”.
Şertnamanyň maliýe taraplary aýan edilmeýär, ýöne Sky Sports-yň maglumatlaryna görä, Mbappe salgytlardan soň ýylda 15 mln ýewro almak bilen, La Ligada Frenki De Ýongdan we Robert Lewandowskiden (ikisi-de “Barselonada” oýnaýar) soň üçünji iň köp hak alýan oýunçy bolar. Şeýle-de, gollar, kuboklar we beýlekiler üçin bonus hem göz öňünde tutulýar. 50 mln ýewro möçberde şertnama bonusy-da bar, ýöne töleg şertnamanyň ýyllaryna bölünýär.
Žurnalist Ramon Alwares has jikme-jik maglumatlary berýär: birinji möwsümde Mbappe 15 mln ýewro, ikinjide – 16,5 mln ýewro, üçünjide – 18 mln ýewro, dördünji we bäşinjide – 20 mln ýewro alar.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......