Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Grenlandiýany 5:0 hasap bilen utdy

  • 03.06.2024 13:52
  • 14k+

1-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 5:0 hasap bilen tamamlandy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler.

Ýeňiş toplaryny Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow öz atlaryna ýazdyrdylar.
Belläp geçsek, ýurdumyzyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Grenlandiýa Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasyna agza bolup durmaýanlygy sebäpli, FIFA-nyň reýtingine girmeýär. 

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.


düýn 23:46
3.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.9k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.7k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......