Nissan 17 500 dollar bahadan täzelenen Note Autech krossowerini hödürledi

  • 02.06.2024 23:46
  • 5.5k+

Nissan täzelenen Note Autech krossowerini çykardy, ol aşagynyň beýikligi we üýtgeşik obwesy bilen adaty Note-den tapawutlanýar. Bahasy 17500 dollardan başlaýar diýip, IXBT habar berýär.

Modelde 16 dýuýmlyk Autech garyndy tekerleri we ýerden beýikligini 25 mm ýokarlandyrýan lift-toplumy aldy. Ýerden beýikliginiň üýtgändigine garamazdan, Note Autech-iň podweskasynyň we destiniň ýörite sazlanandygy sebäpli “sport we durnuklylyk äheňini” saklaýar diýip, Nissan tassyklaýar.

 

Note Autech-iň salonynda gök çyzyk geçen gara eko-deriden daşlyk, oturgyçlarynda ýörite keşdeler we gurally panelinde gara agaç ýamalary bar. 7 dýuýmlyk sanly gurallar paneli we 9 dýuýmlyk maglumat-güýmenje ulgamy, sürüjä kömek ulgamynyň kämilleşdirilen ADAS toplumy ýaly, adaty Note-den geçirilen.
Note Autech Nissan Note-iň e-Power gibrid hereketlendirijisini saklaýar, ol  generator hökmünde hereket edýän 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisinden we bir ýa-da iki elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Hereketlendiriji 80 at güýjüni, öňdäki elektrik hereketlendirijisi 114 at güýjüni, yzky hereketlendiriji 67 at güýjüni öndürýär.
Täze krossower eýýäm Ýaponiýada sargyt edip bolýar, ony 2024-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli iberip başlamak meýilleşdirilýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....