Raşid Meredow «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy

  • 01.06.2024 16:14
  • 10k+

29-njy maýda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Rim şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy. Şeýle hem çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak meselesinde, halkara giňişliginde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz çykyşynda R.Meredow parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ýokary ornuny belläp, sebit howpsuzlygy, ekologiýa, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, geçiş energiýasy we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berdi.
Ýokarda agzalan forumyň çäklerinde üç sany tematiki bölümçeler geçirildi: «Geçiş energiýasy we ählumumy çagyryşlar», «Baglanyşyk» и «Ýokary bilim we bilim ulgamlary».
Taraplar «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan orta möhletli hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ylalaşdylar.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......