Serdar Berdimuhamedow eksport we import harytlarynyň nyrhlaryna gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady

  • 01.06.2024 15:27
  • 10k+

Türkmenistanda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bu işler barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


şu gün 11:05
2.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......