Arkadag şäheri ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini kabul etmäge taýýarlanýar

  • 01.06.2024 07:36
  • 6.3k+

2024-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Arkadag şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Hepdeligi geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreleriň guraljakdygyny aýdyp, Medeniýet hepdeliginiň Meýilnamasynyň taslamasyny we nyşanynyň teklip edilýän taslama görnüşlerini Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýere medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de halkara derejesinde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda görkezmeler berildi.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......