Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldady

  • 31.05.2024 23:18
  • 8.2k+

31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze gaz turbinaly we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary,  transformator beketleri hem-de elektrik geçirijiler gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär. 
Bu desgalaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, elektrik energiýasyny sarp edijileri ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik stansiýalarynyň, beketleriň we elektrik geçirijileriň kadaly işlemeginiň zerur bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn  binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldap, Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....