Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşdy

  • 30.05.2024 13:57
  • 11k+

29-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şunda milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, çagalary goramak Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň zenanlarynyň öz hünärini erkin saýlamagy, mynasyp bilim almagy, çagalaryň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyz aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işler bilen subut edýär.
Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 
Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatynda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......