Wenesiýa 11 günüň içinde şähere bir günlük gelýän syýahatçylardan bir million ýewro golaý gazandy

  • 26.05.2024 18:59
  • 8k+

Wenesiýa täze syýahatçylyk salgydynyň hereket eden ilkinji 11 gününde tas bir million ýewro gazandy. 5 ýewro möçberdäki salgyt şäheriň bir günlük myhmanlaryndan alynýar, bu Weneto sebitiniň ýaşaýjylaryna, talyplara we 14 ýaşa çenli çagalara degişli däldir diýip, Euronews habar berýär.

25-nji aprelden 5-nji maý aralygynda jemi 977,4 müň ýewrolyk 195 000 petek satyldy we bu häkimiýetleriň çaklamalaryndan ýokary boldy. Şeýle-de bolsa, heniz bu girdejiler 3 mln ýewro barabar onlaýn-bronirleme ulgamy, maglumat kampaniýasy üçin çykdajylary we beýleki çykdajylary ödemedi.
Maý aýynyň ahyryna çenli dowam etjek synag döwri tamamlanandan soň şähere baryp görmek üçin töleg günde 10 ýewro çenli artdyrylyp bilner. Tölemezlik üçin jerime 50 – 300 ýewro.
Salgyt girizilendigine garamazdan, Wenesiýanyň syýahatçylary azalmady, tersine, syýahatçylaryň sany geçen ýyllar bilen deňeşdirilende barha artýar. Şonuň üçin şäher geňeşiniň käbir agzalary bu çäräni şowsuz diýip hasapladylar.
Şäher geňeşiniň agzasy Jowanni Andrea 19-njy maýda Wenesiýa gelip görmek üçin 70 000 arzanyň hasaba alnandygyny belledi. Deňeşdirmek üçin: geçen ýyl 2-nji iýunda Respublikanyň gününde 65 000 myhman boldy.
Bir günlük syýahatçylar Wenesiýa gelip görmek üçin 8:30-dan 16:00-a çenli aralykda salgyt tölemeli. Muny şäheriň esasy awtobus we demirýol wokzallarynda, hem terminallarda, hem QR koduň üsti bilen edip bolar.
Geçen ýyl Wenesiýa syýahatçylyk akymy tas 20 mln adam boldy. Koronawirus pandemiýasyndan öň şähere ýylda 20 – 25 mln syýahatçy gelýärdi.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......