Niderlandlarda emin ýeňiş gazanmaga kömek eden topary bilen çempionlygy belledi

  • 25.05.2024 23:19
  • 14k+

Niderlandlarda ýurduň futbol boýunça dördünji diwizionynyň final oýnunda birtaraplaýyn eminlik sebäpli dawa ýüze çykdy. Bu barada Sport24 habar berýär.

Diwizionyň “Sent-Jorj” bilen “Walkeniň” arasyndaky jemleýji oýnunda emin Ýan Smit “Walkeniň” oýunçylaryna üç gyzyl duýduryş we toparyň tälimçiler toparynyň agzasyna bir gyzyl duýduryş berdi, şeýle-de oýnuň ikinji ýarymyna 15 minut goşdy. Şonuň netijesinde “Sent-Jorj” hasaby deňläp, çempionlyk titulyny gazanyp bildi.
Oýundan soň Smit “Walkeniň” gaharlanmagyna düşünýändigini, ýöne “berlen dört gyzyl duýduryşyň-da ýüz göterim esaslydygyny” aýtdy. Ýöne onuň sözleri ne “Walkeniň” oýunçylaryny, ne-de janköýerleri ynandyrdy.
Mesele eminiň “Sent-Jorj” bilen bilelikde ýeňşi bellemegindedir: ol oýunçylar bilen bilelikde sahna çykyp, çempion kubogyny ýokary galdyrdy.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......