Puççinniniň hormatyna konsert: italiýaly wokalçy Matteo Lippi Aşgabada geler

  • 25.05.2024 20:35
  • 5.1k+

5-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň iň meşhur opera kompozitorlaryndan biri bolan Jakomo Puççinniniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.

Konsert programmasy Puççinniniň “Toska”, “Madam Batterflaý” we “Turandot” ýaly meşhur opera eserlerini öz içine alýar. Tomaşaçylar italiýaly tenor Matteo Lippi, türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetiriljek Puççinniniň opera dünýäsi bilen tanşarlar.
Çäre Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalyp, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
Konserte giriş mugt. Wagty: 19:00.
Matteo Lippi Toti dal Monte (Trewizo, 2013) adyndaky halkara wokal bäsleşiginiň ýeňijisi. Ol Mario del Monako (Trewizo) adyndaky Komunale we Pergolezi (Jezi) we Akwila (Fermo) adyndaky Komunale teatrlarynda çykyş edipdir. Wenesiýadaky “La Feniçe”, Neapoldaky San Karlo, Norwegiýanyň milli operasy (Oslo), Niderland milli operasy (Amsterdam), Patyşalyk Daniýa operasy (Kopengagen) teatrlarynda we Moskwanyň Uly teatrynda solist hökmünde çykyş edipdir.


şu gün 18:04
314

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

şu gün 16:40
1.4k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

şu gün 15:43
2.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

şu gün 15:12
1.4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......