Serdar Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlaryny, mugallymlaryny we bilim işgärlerini gutlady

  • 25.05.2024 09:37
  • 13k+

Şu gün, 25-nji maýda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly, şowhunly medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow mugallymlary, bilim işgärlerini, uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylyny üstünlikli tamamlamaklary mynasybetli gutlady.

"Belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň bilimlerini, güýçlerini we gujurlaryny eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar uçurymlarymyzyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarjakdygyna berk ynanýaryn" diýlip Gutlagda bellenilýär.
"Watanymyzyň geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asuda we abadan durmuşynyň bähbidine okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak, il-ýurdumyzyň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramak siziň durmuş ýoluňyzdaky baş maksadyňyz bolmalydyr. Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak siziň mukaddes borjuňyzdyr" diýip, döwlet Baştutany uçurymlara ýüzlendi.


19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......