«Barselona» Hawini tälimçilikden boşadandygyny resmi taýdan habar berdi

  • 25.05.2024 08:52
  • 11k+

«Barselona» Hawini klubuň baş tälimçisi wezipesinden boşatdy. Bu karar Hawiniň , klubuň prezidenti Žoan Laporta, sport meseleleri boýunça wise-prezidenti Rafa Ýuste, sport direktory Deku, şeýle hem Hawiniň kömekçisi - Oskar Ernandes we Serhio Alegri bilen duşuşygyň netijesi boýunça kabul edildi.

Hawi "Barselona" 2021-nji ýylyň noýabryndan bäri tälimçilik edýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub 2022/23 möwsümde La Liganyň çempionlygyny, şeýle hem Ispaniýanyň Superkubogyny aldy. Umumylykda, klub Hawiniň tälimçiliginde jemi 141 duşuşyk geçirdi, şolarda 89 ýeňiş, 29 ýeňliş we 23 gezek deňme-deňlik gazanyldy.
«Barselona» goşandy üçin Hawä minnetdarlyk bildirýär we geljekki karýerasynda oňa üstünlik arzuw edýär. Baş tälimçi hökmünde Hawi "Barselonada" soňky duşuşygyny şu ýekşenbe güni Sewilýada geçirer.
"Barselonanyň" täze baş tälimçisi ýakyn günlerde belli ediler diýlip garaşylýar. Maglumatlara görä, bu wezipä nemes hünärmeni Hans-Diter Flik bellenilip bilner.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Hawini işden çykarmak hakynda karar onuň klubdaky ykdysady ýagdaýlar baradaky aýdanlaryndan soň kabul edildi. Klub Hawä we onuň tälimçiler toparyna 20 million ýewro öwez tölegini tölemeli.


şu gün 13:40
2.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.3k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......