2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň haryt dolanyşygy 63,5 mln dollardan geçdi

  • 24.05.2024 18:58
  • 4k+

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 63 million 546 müň dollara deň boldy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Japarow Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi.

«2023-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 63 million 546 müň dollara deň boldy. Şol bir wagtda özara gatnaşyklarymyzda herekete girizilmedik söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerimiz bar. Möçberleri mundan beýläk hem artdyrmagy we özara harytlaryň sanawyny giňeltmegi, şeýle hem üçünji tarap ýurtlaryň bazarlaryna bilelikde çykyşy gözkemegi zerur hasaplaýaryn" diýip, Akylbek Japarow belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmägr gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny öz ýurduna gelip görmäge çagyrdy.
Belläp geçsek, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......