Oguz han adyndaky TITU-nyň talyby Rumyniýada umumy fizika boýunça Olimpiadada 1-nji ýer eýeledi

  • 24.05.2024 18:31
  • 15k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inženerçilik we tehnologiýa uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow “Ion I. Agarbiçanu” umumy fizika boýunça XII halkara olimpiadasynda ýeňiji boldy.

Buharestiň Politehniki uniwersiteti tarapyndan geçirilen olimpiada, 8 ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplaryny bir ýere jemledi. Bäsleşik 2 ugry, ýagny teoretiki we amaly tapgyrly nusgawy we häzirki zaman fizikasyny öz içine alýar.
Gowşudyň häzirki zaman fizika ugrundaky çuňňur bilimleri, oňa ýeňiş getirdi.
Türkmen talyplarynyň Olimpiadanyň iki ugrunda-da ýokary netijeleri görkezendikleri, bellenip geçilýär.
Dabaranyň çäginde ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiada günlerinde Buharestde diňe talyplar däl-de, eýsem Oguz han adyndaky TITU-nyň professor mugallymlary hem bardy. Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýanyň abraýly uniwersitetleriniň birine eden sapary örän netijeli boldy.

16-njy maýdan 20-nji maý aralygynda taraplar uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle hem tejribe alyşmak we ylmy gözlegler geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýlelikde, suwuk kristallaryň we lazer ýagtylygynyň maddalar bilen täsirini öwrenmek işi eýýäm başlandy. Ylmy synaglara Oguz han adyndaky TITU-nyň kiber-fiziki ulgamlary fakultetinden iki mugallym we Rumyniýa uniwersitetiniň amaly ylymlar fakultetiniň professory gatnaşýarlar.

Taraplar şeýle hyzmatdaşlygyň ylmy gözlegleriň ösmegine, täze tehnologiýalaryň işlenip düzülmegine we olaryň ulanylanyşa girizilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......