Şengen wizasynyň bahasy iýun aýyndan 12,5% ýokarlanar

  • 24.05.2024 14:15
  • 12k+

2024-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap şengen wizasyny resmileşdirmegiň nyrhy ulular üçin 80-90 ýewro, 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin 40-45 ýewro çenli ýokarlanar. Degişli karar Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda çap edildi diýip, Meduza ýazýar.

Ýygymy köpeltmek baradaky karar 2024-nji ýylyň 14-nji martynda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan kabul edildi. Bu ÝB-de hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.
Readmissiýa meselesinde ÝB bilen hyzmatdaşlyk etmeýän ýurtlaryň raýatlary üçin ÝB-niň Geňeşiniň kararyna baglylykda wiza tölegi 135 ýa-da 180 ýewro bolar.
Wiza tölegleriniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, wiza merkezleriniň hyzmat tölegleriniň ýokarlanjakdygy, konsullyk ýygymynyň 50% -ine çenli bolup biljekdigi bellenilýär.
Ýewropa Komissiýasy ÝB-de hümmetsizlenmäniň derejesi we döwlet işgärleriniň ortaça aýlygy ýaly, “obýektiw kriteriýalara” esaslanyp, her üç ýyldan wiza töleginiň möçberine gaýtadan seredýär.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......