Oaktree amerikan gaznasy “Interiň” täze eýesi boldy

  • 23.05.2024 16:14
  • 10k+

Milandan (Italiýa) “Inter” futbol kluby Oaktree amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçdi. Klubuň eýesiniň çalyşmagy Hytaýyň Suning Group holding kompaniýasynyň üç ýyl mundan ozal Oaktree-den alnan 395 mln ýewro möçberde karzyny yzyna gaýtaryp bilmändigi sebäpli bolup geçdi diýip, Sky Sport Italy gaznanyň beýanyna salgylanyp habar berýär.

“Biz täze hususyýetçiler topary hökmünde jemgyýetiň we “Interiň” taryhy mirasynyň öňündäki uly jogapkärçiligimize düşünýäris. Biz toparyň uzak möhletleýin üstünligine tarap ýykgyn edýäris we klub bilen bagly isleglerimiziň onuň Italiýadaky we bütin dünýädäki muşdaklarynyň islegleri bilen gabat gelýändigine ynanýarys. Başlangyç maksadymyz – klubuň operasion we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek. Biz “Interiň” ýolbaşçylygyna uly hormat goýýarys we olar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga bil baglaýarys” diýip, Oaktree-niň baş müdiri Alehandro Kano belledi.

Şeýle-de, Kano yzygider ikinji çempion titulyny gazanmagyň “Inter” üçin şanly wakadygyny belläp, klubuň meýdançada we ondan daşary üstünlik gazanmagyny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......