Mbappe Parižde 250 adamlyk hoşlaşyk agşam naharyny gurnady. Çagyrylanlaryň içinde Makron hem bar

  • 21.05.2024 23:50
  • 24k+

"PSŽ-niň" hüjümçisi Kilian Mbappe Parižiň merkezinde 250 adamlyk agşam naharyny gurnap, klub we şäher bilen hoşlaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem bardy, ýöne döwlet Baştutany bu çärä gatnaşyp bilmedi, diýip Le Parisien habar berýär.

Agşamlyk nahary Mbappe-niň Pariž hekaýasynyň iň soňky nokady boldy, çünki klub bilen şertnamasy öňümizdäki tomus gutarýar. 25 ýaşly futbolçynyň “Real” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, Madrid klubunyň oýunçysy bolmagyna garaşylýar.
Millionlarça dollarlyk teklipler baradaky myş-myşlara garamazdan, Mbappe "Realda" "PSŽ-den" alýan aýlygyndan pes aýlyk almaga razy boldy. Şeýle-de bolsa, oýunçynyň 150 million ýewro gol çekmek hukugynyň bardygy, bellenip geçilýär.
"PSŽ-niň" prezidenti Nasser Al-Helaifi bu çärä gatnaşmady. Ondan öň fransuz KHBS-si futbolçynyň klubdan çykmak karary sebäpli onuň Mbappe bilen bolan dawasy barada habar beripdiler.
Bu möwsümde Mbappe 27 gol, 7 netijeli geçirim edip, 1-nji Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. "PSŽ" üçin ol 47 oýunda 44 gol we 10 netijeli geçirim etdi.


düýn 23:41
2.8k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.6k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......