Tbilisiniň telediňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy

  • 20.05.2024 22:52
  • 19k+

18-nji maýda beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.

Tbilisi teleýaýlym diňi şäheriň ajaýyp görküni açýan Mtatsminda seýilgähiniň çäginde ýerleşýär. Ol Tbilisiniň nyşanlarynyň biri bolup, ony şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görmek mümkindir.
Tbilisi diňiniň Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylmagy, şeýle hem 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäklerinde gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylmagy iki ýurduň doganlyk halklarynyň birek-birege bolan hormatyny we dostlugyny ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.
Tbilisi teleýaýlym diňi iki günüň dowamynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylar.


şu gün 00:03
2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......