Lego-dan “Ýyldyz söweşijilerindäki” kosmos gämisini düzmek boýunça dünýä rekordy täzelendi

  • 20.05.2024 22:47
  • 14k+

Kanadaly oglan Lego-dan “Müňýyllyk laçyn” kosmos gämisini gurmak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 7,5 müňden gowrak detaldan ybarat bolan kosmos gämisiniň modelinden 7,5 sagatda baş çykardy. Gurnama işine Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri syn etdi.

Ontarionyň 21 ýaşly ýaşaýjysy Iwan Ýuwa ähli detallary biri-birine berkitmek üçin 7 sagat 36 minut 37 sekunt gerek boldy. Ol öňki rekorddan tas 3 sagat ir boldy.
Ýu Rekordlar kitabynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikde hemişe “Ýyldyz söweşijileriniň” uly muşdagy bolandygyny, aýratynam, “Müňýyllyk laçyn” ýa-da “Ýyldyz weýran edijisi” ýaly kosmos gämileriniň dizaýnlaryny gowy görendigini gürrüň berdi.
Ýu wideoda Han Solonyň gämisini düzmäge ilkinji synanyşygynyň düşürilendigini belledi.
Gurluşyk prosesi onuň üçin diýseň gyzykly boldy, ýigit işe kellesi bilen “çümüp”, hatda wagtyň nähili çalt geçendigini-de duýmady: “Işiň ahyryna çenli barmaklarym we arkam agyrdy. Eger men haçan hem bolsa rekordy täzelemäge synanyşsam, maňa egilmezlik üçin beýik stol gerek bolar”.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....