20-nji maýda çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisini geçiriler

  • 18.05.2024 10:41
  • 5.5k+

20-nji maýda Bilim ministrliginde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. 20-nji maýda Bilim ministrliginde geçiriljek mejlisde çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak üçin zerur şertler döredilýär. Olarda dynç alýan çagalar üçin milli oýunlar, sport çäreleri, döredijilik bäsleşikleri, tanymal medeniýet we sungat işgärleri, türgenler, ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar, sirk artistleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, muzeýlere gezelençler guralar.


26.06.2026 20:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......