Magtymgula bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň birinji güni tamamlandy

  • 18.05.2024 10:21
  • 5k+

17-nji maýda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.

Foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, mejlisler zalynda halkara maslahatyň umumy mejlisi geçirildi.
Myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Parasatly şahyr, Gündogaryň akyldarynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, asyrlaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri ähmiýetini birjik-de ýitirmeýär we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da meşhurdyr. Söz ussadynyň dürli ýurtlarda, şol sanda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada ýadygärlikleri oturdyldy.
Şu gün maslahat Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, filosofik garaýyşlaryna, beýik şahyryň dünýä edebiýatynda hem medeniýetinde tutýan ornuna, onuň köptaraply mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlanan bölümçeleriň dördüsiniň çäginde öz işini dowam eder.
Daşary ýurtly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......