Singapurda 20 ýyldan soň täze premýer-ministr wezipä girişdi

  • 17.05.2024 07:17
  • 3.9k+

Lourens Wong Singapuryň dördünji premýer-ministri hökmünde kasam kabul edip, wezipä girişdi. Bu soňky 20 ýylda ýurduň ýolbaşçylygynyň ilkinji gezek çalşylmagydyr diýip, CNA portaly habar berýär.

Şeýlelikde, 51 ýaşly Wong uly ministr hökmünde Ministrler Kabinetinde galjak 72 ýaşly Li Sýanlunyň ornuny resmi taýdan çalyşdy. Wong iňlis, malaý we hytaý dillerinde çykyş edip, köpmilletli Singapuryň bitewilik ýörelgelerinden ugur almaga ygrarlydygyny görkezdi.

“Şu günki gün diňe bir häkimiýetiň çalyşmagy bilen däl, eýsem nesilleriň çalyşmagy bilen belli bolar. Men ýurt garaşsyzlygyny alandan soň doglan Singapuryň ilkinji premýer-ministri. Meniň neslimiň taryhy – bu garaşsyz Singapuryň taryhy” – diýip, Wong belledi. 


29.01.2026 10:25
4.4k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...

09.08.2025 08:29
4.7k+

Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Prezidentini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi...

27.08.2024 20:03
5.5k+

Türkmen hünärmenleri bilim ulgamynda Singapuryň tejribesini öwrenýärler

19-23-nji awgust aralygynda Singapur döwletine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi:...

09.08.2024 10:38
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny...