Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy "Açyk gapylar" gününi geçirýär

  • 16.05.2024 06:57
  • 5.5k+

15-22-nji maýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümiň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.
"Açyk gapylar" güni sagat 15:00-da geçirilýär.
Salgysy: Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99312 57-24-00;

+99312 57-24-07.


şu gün 08:05
2.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.8k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....