“Şir ýag” Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylan motor ýaglaryny hödürleýär

  • 15.05.2024 12:22
  • 15k+

Awtoulagyň üçin dogry ýagy saýlap almaklyk – onuň uzak wagtlap bökdençsiz hereket etmegini kepillendirip biler. Türkmenistanda ulanyş şertleri göz öňünde tutulyp işlenip düzülen ýokary hilli “Şir ýag” çalgy ýaglary türkmen sürüjileri üçin amatly bahadan ýokary hile geçmek üçin ýerine düşen teklip bolup biler.


«Şir ýag» awtoulagyň ýokary öndürijiligini, goragyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly işlenip taýýarlanan önümleriň giň toplumyny hödürleýär.
Ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil ulaglaryň hereketlendirijileri üçin niýetlenen täze «Şir Ýag» çalgy önümleri özünde şulary jemleýär:
PLUS SL 10W40 we PLUS SN 10W40 — bu ýokary hilli ýarym sintetiki motor ýaglary bolup, benzin we dizel hereketlendirijileriniň möwsümleýin goragyny we ýokary öndürijiligini üpjün edýär. Motor ýaglary -20° C-den +45° C çenli giň temperatura aralygynda öz häsiýetli aýratynlyklaryny saklamaga ukyplydyr.
PLUS SL 10W40 we PLUS SN 10W40 göni inžektorly ýolagçy awtoulaglarynda (GDI) we/ýa-da katalitik neýtralizator bilen enjamlaşdyrylan, şeýle hem ýeňil söwda awtoulaglarynda ulanylyp bilner. Mundan başga-da, olar köne hereketlendirijili awtoulaglar üçin örän amatlydyr.
PLUS SN 5W40 we PLUS SN 5W30 — ýokary tehnologiýaly doly sintetiki motor ýaglary bolup, häzirki zaman täze benzin we dizel hereketlendirijileri üçin deňsiz-taýsyz goragy hem-de ýokary öndürijiligi üpjün edýär. Çalgy ýaglary hereketlendirijiniň könelmeginden, poslama we depozit emele gelmeginden ygtybarly goraýar.
PLUS SN 5W40 we PLUS SN 5W30 öz häsiýetli aýratynlyklaryny uzak wagtlap saklaýar, bu bolsa ýag çalşygynyň aralyklaryny uzaltmaga mümkinçilik berýär. Temperatura diapazony: -30° C-den + 45° C bolýar.


«Şir ýag» zawody şu ýylyň mart aýynda Lebap welaýatynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Zawodda awtoulaglaryň we ýük awtoulaglarynyň hereketlendirijileri, transmissiýalary, oba hojalyk tehnikalary, gidrawlik ulgamlary hem-de senagat maksatlary üçin niýetlenen 25 görnüşli çalgy ýagy çykarylýar.


«Şir ýag» motor ýaglaryny 1 litrlik amatly gaplarda hem satyn alyp bolýar. Bu ýag derejesi zalyp durýan ulagy ýag bilen üpjün etmegiň iň oňat çözgüdidir, sebäbi uly kanistr üçin artykmaç pul tölemek zerurlygy bolmaýar.
«Şir ýag» çalgy ýaglarynyň Türkmenistandaky bu ugra ýöriteleşdirilen dükanlaryň ählisinde bar.
Salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
Telefon:
+99361 41 32 72;
Веб-сайт: siryag.com


12.05.2026 15:08
4.6k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.7k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.5k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....