Nissan söwda dilerlerine awtoulaglaryny has uly arzanlaşyk bilen satmaga rugsat berdi

  • 12.05.2024 20:27
  • 9.6k+

Ammarlaryň önümden çakdanaşa doludygy sebäpli, Nissan ABŞ-daky söwda dilerlerine awtoulaglary maslahat berlen bölek satuw bahasyndan hem arzan satmaga rugsat berdi diýip, IXBT habar berýär.

Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, Nissan awtoulaglary satyn alynmazdan öň 98 günläp dilerleriň ambarlarynda durýar.
Satuwy höweslendirmek we täze modellere ýer boşatmak üçin (täze Nissan Kicks ýaly) awtoulag öndürijisi dellallara maslahat berlen bölek satuw bahasyndan 10% -e çenli arzanladyş teklip etmäge rugsat berdi. Uly Nissan Armada bolsa 15%-e çenli arzanladyş goýlup bilner.
Şol bir wagtyň özünde arzanladyşdan çekilen zyýan dilerleriň öz gerdenine düşýär. Şeýle-de bolsa, bu olara baha kesmekde erkinlik berýär we saklanyşa gidýän çykdajylaryny azaldýar.
Arzanladyşlar ähli modeller üçin ulanylyp bilinýän hem bolsa, aslynda olar diňe az islegli modeller we bezeg derejeleri satyljak bolanda hödürlenýär. Mysal üçin, arzanladyş 52 000 dollarlyk Nissan GT-R-a ýa-da Nissan Pathfinder Platinum 2024 üçin ulanylmaýar.


13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....