TikTok emeli aň tarapyndan döredilen wideolary bellik edip başlar

  • 13.05.2024 22:55
  • 11k+

TikTok emeli aňyň (AI) kömegi bilen döredilen wideolar üçin awtomatiki bellik funksiýasynyň girizilendigini habar berdi. Täzelik aç-açanlygy ýokarlandyrmak we dezinformasiýa (ýalan maglumatyň ýaýradylmagy) garşy göreşmek üçin niýetlenen diýip, Reuters habar berýär.

Bu funksiýanyň kömegi bilen, platforma AI tarapyndan döredilen kontenti tanar we oňa ýörite bellik goşar, munuň üsti bilen ulanyjylar kontenti aňsatlyk bilen tapawutlandyryp biler.
Bu başlangyç dezinformasiýany ýaýratmak ýa-da adamlary ýoldan azaşdyrmak üçin ulanylyp biljek "deepfake-ler", ýagny AI tarapyndan döredilen real wideolar baradaky aladalaryň artmagyna jogap bolýar.
TikTok-yň beýanynda şeýle diýilýär: "AI ajaýyp döredijilik mümkinçiliklerini açýar, ýöne ulanyjylara kontentiň AI tarapyndan döredilendigi aýdylmadyk ýagdaýynda, olary bulaşdyryp ýa-da ýolundan azaşdyryp biler".
Kompaniýa haýsy AI platformalarynyň awtomatiki belliklere sezewar ediljekdigini mälim etmedi, ýöne Google, OpenAI, Adobe we Microsoft-yň, eýýäm şuňa meňzeş çäreleri durmuşa geçiren, kontentiň döreýşi we hakykylygy koalisiýasynyň (C2PA) agzalarydygyny belläp geçdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......