Neuralink hassasynyň organizmi oturdylan çibi kabul etmän başlady

  • 11.05.2024 16:29
  • 6.6k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2024-nji ýylyň mart aýynda ilkinji çipleşdirilen hassany görkezdi. Ol 29 ýaşly ysmaz erkek adam Noland Arbo boldy. Kompaniýa çip implantasiýasyndan 100 günden soň, onuň üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmesini çykardy, sebäbi hassanyň beýnisi implanty kabul etmän başlady. Bu barada Neuralink öz resmi blogunda habar berdi.

Ilkibaşda Neuralink täzelenmäniň çibiň işleýşini çaltlaşdyrmak üçin zerurdygyny belledi, ýöne onuň wezipesi käbir elektrodlaryň beýni bilen aragatnaşygyny ýitirmek meselesini-de çözmekden ybarat boldy.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, çibiň käbir elektrodlary beýni bilen aragatnaşygyny ýitirdi, bu hem impulslary okaýyş tizliginiň peselmegine sebäp boldy. Bu meseläni çözmek üçin Neuralink hünärmenleri çip üçin täzelenme çykardylar. Netijede, bu galan elektrodlara goşmaça ýüki öz üstüne almaga mümkinçilik berdi.
Hünärmenler elektrodlaryň beýniniň kelle süňküniň gutusynyň içindäki tebigy hereketleri sebäpli beýni bilen aragatnaşygyny kesip bilendiklerini çaklaýarlar. Beýni urgulardan we duýdansyz hereketlerden goraýan oňurga-ýilik suwuklygy bilen gurşalandyr. Şonuň üçin hatda kelläniň duýdansyz baş atmagy-da çip bilen beýniniň arasyndaky baglanyşygyň ýitmegine getirip biler.
Kompaniýa heniz bu ýagdaýyň neýrotehnologiýalary işläp taýýarlamak boýunça geljekki meýilnamalara nähili täsir etjekdigi barada teswir bermedi.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....