Gündäki äpet tegmil has ulalyp, ýönekeý göz üçin elýeterli boldy

  • 10.05.2024 21:16
  • 17k+

Umman we atmosfera gözlegleriniň milli edarasynyň kosmos howasyny çaklama merkeziniň (SWPC NOAA) amerikaly alymlary Gündäki güýçli partlamalaryny dowam etdirýän äpet tegmil AR3664-üň ulalandygyny bellediler. Bu meýdanyň ululygy 200 müň kilometre ýetdi, bu bolsa Ýerden 15 esse giňdir diýlip, ylmy edaranyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu AR3664-i Ýeriň üstünden ýörite optiki gurallary ulanmazdan hem görüp bolýandygyny aňladýar. Hünärmenler ýyldyza göze şikes ýetmeginiň öňüni almak üçin diňe gara yşyk filtrleri arkaly seretmelidigini ýatladýarlar.
AR3664 güýçli partlamalary döretmegini dowam etdirýär. Gündäki soňky partlama 9-njy maýda Aşgabat wagty bilen 14:13-de bolup geçdi. Oňa iň ýokary X klasy berildi, onuň kuwwaty bolsa 2,2 bal boldy.
Alymlaryň aýtmagyna görä, Gündäki AR3664 tegmili ululygy boýunça 1859-njy ýylyň Kerrington tegmili bilen bäsleşip biler. Ol Ýeriň taryhynda iň güýçli Gün tupanyny ýüze çykardy, bu hem Kubada, Gawaýide we beýleki ekwatorial sebitlerde polýar şöhlelenmelerini döretdi.


23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.7k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...