Şotlandiýa täze hökümet baştutanyny saýlady

  • 09.05.2024 13:06
  • 3.2k+

Şotlandiýanyň mejlisi Jon Suinnini hökümetiň täze baştutany edip saýlady diýip, BBC habar berýär.

STV teleýaýlymynyň bellemegine görä, Suinni wezipesini tabşyran Hamza Ýusufyň ornuna geçmek bilen, Şotlandiýanyň taryhynda ýedinji Birinji ministr boldy. Suinni ozal wise-premýeriň wezipesinde we beýleki esasy hökümet wezipelerinde işledi.
Jon Suinni Şotlandiýanyň Beýik Britaniýadan özbaşdaklygyny alyp, berkemeginiň aram tarapdary hökmünde tanalýar. Syýasatçy baştutanlyga geçip, ykdysadyýet, işsizlik we ýaşaýyş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ünsi jemlejekdigini aýtdy.


08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......