Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk şäherçesinde suw arassalaýjy desgany açdy

  • 08.05.2024 22:15
  • 19k+

Şu gün, 8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga açyldy.

Döwlet Baştutany suw arassalaýjy desgasynyň edara binasynda ýerleşýän Dolandyryş merkezine baryp, Merkeziň işi bilen tanyşdy. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr.
Merkezde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberlerde ibermek we zerurlyga görä iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň düzümine girýän barlaghana suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfat we gipohlorit natriý erginlerini garmak) gözegçilik edilýär.
Döwlet Baştutany düwmä basyp, täze desgany ulanylyşa girizdi.
Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurt önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy taýdan çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip mehaniki taýdan süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desgasyna iberilýär we bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, şeýle hem demir we magniý ýaly minerallardan arassalanýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam bilen  çäge hem-de kömür  süzgüçlerinden süzülýär.

Süzülen we doly arassalanan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, şeýle hem onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Mundan başga-da, suw sorujy enjamlar bilen arassa agyz suwy Gäwers obasyna we onuň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýär.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelen çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Bellenilişi ýaly, bu suw desgasy daşary ýurtlardan getirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Hususan-da, Germaniýanyň «Hach lange» kompaniýasynyň enjamy  suwuň düzümindäki hlor, azot, kükürt, marganes, demir, alýumin ýaly maddalaryň derejesini ölçemäge, suwuň gatylygyny kesgitlemäge we 50-den gowrak barlaglary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, Rumyniýanyň «Hanna industries» kompaniýasynyň enjamy  suwuň bulanyklyk derejesini ölçeýär, Hytaýyň «Hanhua faithful import» kompaniýasynyň «SH2» kysymly gyzdyryjy we magnetik garyşdyryjy enjamy  himiki elementleri taýýarlamak we eredip garyşdyrmak işi  ýerine ýetirýär, şeýle hem Türkiýede we  Polşada  öndürilen enjamlar arkaly suwuň agyrlygy we elektropotensial wodorod geçirijiligi ölçenilýär.
Serdar Berdimuhamedow “Ahalwelaýatagyzsuw” birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


şu gün 20:14
510

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

şu gün 17:05
1k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

şu gün 16:01
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

düýn 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......